Angliýanyň kubogy: çärýek finalyň ähli jübütleri belli boldy
Angliýanyň Futbol assosiasiýasy däp bolşy ýaly Angliýanyň kubogynyň ähli duşuşyklarynyň tamamlanmagyna garaşman, indiki tapgyryň bije çekilişini geçirdi. Şeýlelikde, ýaryşyň çärýek finalyndaky jübütler öňünden belli boldy.
Bu tapgyrdaky iň esasy duşuşyklaryň biri Mançesterdäki "Etihad" stadionynda geçiriler. Onda «Mançester Siti» topary «Liwerpul» toparyny kabul eder.
Ýene bir duşuşykda 1/8 finalyň soňky oýnunda duşuşan «West Hem» bilen «Brentford» toparlary güýç synanyşdy. Esasy wagtda toparlar oýundan hem-de penalti urgularyndan iki gol geçirip, 2:2 hasabynda deňme-deň oýnadylar. Duşuşyk goşmaça wagtda dowam etdi, emma onda hem ýeňiji kesgitlenmedi.
Netijede, ýeňiji penalti urgular tapgyrynda belli boldy. Onda üstünligi «West Hem» topary gazandy. Şeýlelikde olar çärýek finalda «Lids» topary bilen duşuşar.
Beýleki duşuşyklarda «Arsenal» topary «Sautgempton» bilen, «Çelsi» topary bolsa «Port Weýl» bilen güýç synanyşar.

Angliýanyň kubogynyň çärýek final duşuşyklary 4–5-nji aprelde geçiriler.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


