Neýmar Braziliýanyň ýygyndysynyň deslapky sanawyna goşuldy
«Santos» toparynyň hüjümçisi Neýmar Braziliýanyň milli ýygyndysynyň mart aýyndaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygy üçin taýýarlanan deslapky sanawa girizildi. Bu barada žurnalist Fabrizio Romano habar berýär.
Maglumata görä, milli ýygyndynyň baş tälimçisi Karlo Ançelotti futbolçynyň häzirki ýagdaýyny şahsy göz bilen görmek üçin «Santosyň» duşuşyklarynyň birine baryp görer. Şondan soň ýygnanyşyga çagyrylýan oýunçylaryň ahyrky sanawy yglan ediler.
Mart aýyndaky halkara arakesmesi Braziliýanyň milli ýygyndysy üçin 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasyndaky iň soňky ýygnanyşyk bolar. Şol döwürde Karlo Ançelottiniň ýolbaşçylygyndaky topar Fransiýa hem-de Horwatiýa milli ýygyndylary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


