Futbol sanlarda: Ýewropanyň ligalarynda täze statistik görkezijiler hasaba alyndy

Ýewropanyň öňdebaryjy futbol ligalarynda birnäçe gyzykly statistik maglumatlar ýüze çykdy.

Angliýanyň Premýer-ligasynda «Liwerpul» topary häzirki möwsümde 90-njy minutdan soň goýberilen gollar sebäpli bäş duşuşykda ýeňildi. Bu görkeziji ýaryşyň taryhyndaky iň uly antirekord boldy.

Şeýle hem «Arsenal» toparynyň düzüminde bir duşuşygyň başlangyç düzüminiň içinde iki sany 16 ýaşly futbolçy çykyş etdi. Bu ýagdaý Premýer-liganyň taryhynda ilkinji gezek hasaba alyndy.

Ýene bir statistika bolsa «Tottenhemiň» ýagdaýy bilen bagly boldy. London topary Premýer-ligada yzygiderli 11 duşuşykda ýeňiş gazanyp bilmedi. Bu görkeziji klubyň taryhynda ilkinji gezek boldy.

Ispaniýada «Barselona» toparynyň ýaş ýyldyzy Lamin Ýamal çempionatda möwsümdäki 14-nji goluny geçirdi. Şeýlelikde ol XXI asyrda «Barselonanyň» düzüminde bir möwsümde iň köp gol geçiren ispaniýaly futbolçylaryň arasynda üçünji orna çykdy. Bu sanawda öňde diňe Dawid Wilýa hem-de Pedro bar.

Italiýanyň Serie A çempionatynda «Milan» topary 2010/11 möwsüminden bäri ilkinji gezek bir möwsümde «Inter» toparyny iki duşuşykda hem ýeňdi. Şol möwsümde hem toparyň baş tälimçisi Massimiliano Allegri bolupdy.

Germaniýada «Ştutgart» toparynyň hüjümçisi Deniz Undaw häzirki möwsümde dokuzynjy gezek bir duşuşykda gol hem-de asist etdi. Şeýlelikde ol klubyň öňki rekordyny gaýtalady. Bu görkeziji ozal Mario Gomez tarapyndan goýlupdy.

Fransiýanyň çempionatynda Meýson Grinwud häzirki möwsümde Ýewropanyň öňdebaryjy ligalarynda iki aýagy bilen hem 10-dan köp gol geçiren ilkinji futbolçy boldy. Ol şu wagta çenli çep aýagy bilen 10, sag aýagy bilen bolsa 15 gol geçirdi.