Transfer. "Real Madrid" Rodra gyzyklanma bildirýär
«Mançester Siti» toparynyň ýarymgoragçysy Rodri geljekde Ispaniýa dolanyp biler. Bu barada žurnalist Fabrizio Romano habar berýär.

Çeşmäniň maglumatyna görä, «Real Madrid» topary "Altyn topuň" eýesi bolan ispaniýaly futbolçyny öz düzüminde görmek isleýär. «Mançester Siti» bolsa oýunçynyň transfer bahasyny takmynan 50 million ýewro diýip kesgitledi.
Habarlara görä, Florentino Peresiň topary Rodri bilen gepleşikleri ýakyn tomusky transfer döwründe başlatmagy meýilleşdirýär.

Şeýle hem beýleki žurnalistleriň maglumatlaryna görä, «Real Madrid» goragçy Niko Şlotterbek hem-de Rodri üçin jemi 100 million ýewro tölemäge taýýardygyny görkezýär.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


