TFF-niň kubogynda ilkinji duşuşyklaryň netijeleri

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky bäsleşie “A” toparçanyň duşuşyklary bilen badalga berildi. 

Oýun gününiň birinji duşuşygynda paýtagtymyzyň “Köpetdagy” paýtagtymyzyň Balkanabat şäheriniň “Nebitçisini” 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Toparçanyň beýleki duşuşygynda “Ahal” bilen “Şagadam” toparlary deňme-deň oýnadylar – 0:0.

Dördünji martda “B” toparça wekilçilik edýän toparlar meýdança çykarlar: “Arkadag” – “Aşgabat” sagat 14:30-da, U-20 – “Merw” sagat 17:30-da.

Ýeri gelende bellesek, Kubok bäsleşiginiň deslapky tapgyrynda toparlar iki toparçada — “A” we “B” toparçalarynda çykyş ederler. Her toparçada ilkinji iki orny eýelän toparlar ýarymfinala çykmaga hukuk gazanar. Üçünji we dördünji orunlary eýelän toparlar bolsa 5–6-njy hem-de 7–8-nji orunlar ugrunda duşuşyklary geçirerler.

Duşuşyklaryň ählisi paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki “Aşgabat” köpugurly stadionynyň merkezi meýdanynda geçiriler.