"Flamengo" baş tälimçisi Filipe Luisi wezipesinden boşatdy
Braziliýanyň «Flamengo» kluby baş tälimçisi Filipi Luis bilen hyzmatdaşlygy bes etdi. Bu barada "Globo" neşiri habar berýär.
Karar toparyň «Madureýra» klubyny 8:0 hasabynda ýeňip, Karioka ligasynyň ýarym finalyna çykmagyndan soň yglan edildi. Şeýle-de bolsa, çeşmäniň maglumatyna görä, toparyň ýolbaşçylary tälimçiniň geljegi baradaky karary duşuşyk başlamazyndan öň kabul edipdir. Şeýlelikde, ynandyryjy hasap hem çözgüde täsir etmedi.
Çeşmeleriň maglumatyna görä, bu karara Braziliýanyň Superkubogy ugrundaky finalda hem-de "CONMEBOL Recopa" finalynda ýeňliş çekilmegi täsir edipdir.
Filipi Luis 2024-nji ýyldan bäri «Flamengo» klubyna ýolbaşçylyk edýärdi. 2025-nji ýylda onuň ýolbaşçylygynda topar uly üstünlikler gazandy. «Flamengo» şol möwsümde Braziliýanyň çempionatyny, Braziliýanyň Kubogyny, Karioka çempionatyny, Libertadores kubogyny hem-de Braziliýanyň Superkubok ýaryşyny utdy.
Filipi Luis «Flamengo» klubyna 2024-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýärdi. Bu döwür onuň üçin aýratyn ähmiýete eýe boldy, sebäbi ol ozal hem şu klubda futbolçy hökmünde çykyş edip, janköýerleriň goldawyndan peýdalanypdy.
Halkara arenada ol futbolçy hökmünde Madridiň «Atletiko» hem-de Londonyň «Çelsi» klublarynda çykyşlary bilen tanaldy. Ispaniýada çempionlyk gazanyp, Ýewropa ligasynyň ýeňijisi boldy, Angliýada bolsa Premýer-liganyň çempiony adyna mynasyp boldy.
Mundan başga-da, Braziliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 44 duşuşyk geçirip, 2 gol geçirdi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


