Bundesliga. Emre Jan möwsümi tamamlady
Germaniýanyň Bundesliga çempionatynyň 24-nji tapgyrynda geçirilen «Borussiýa Dortmund» – «Bawariýa» duşuşygy meýdan eýeleri üçin gynandyryjy ýagdaý bilen tamamlandy. Oýun 2:3 hasabynda myhmanlaryň ýeňşi bilen gutardy.
Duşuşygyň birinji ýarymynyň soňky minutlarynda «Borussiýa Dortmund» klubynyň kapitany Emre Jan şikes sebäpli meýdançany terk etmäge mejbur boldy. Klubyň resmi saýtynyň habar bermegine görä, nemes ýarymgoragçysy çep dyzynyň öň haç şekilli bagynyň üzülmegi sebäpli birnäçe aýlap oýnap bilmez. Şeýlelikde, 32 ýaşly futbolçy häzirki möwsümde toparyna kömek edip bilmez. Onuň şu ýylda ýaşyl meýdança dolanjagy belli däl.

«Borussiýa Dortmundyň» sport direktory Sebastýan Kel ýagdaý barada şeýle diýdi: "Ol biziň kapitanymyz, hemişe topar üçin göreşýär we klubymyzyň möhüm bölegi. Ýakyn aýlarda Emre doly goldawymyzy alar".
Futbolçy möwsümiň başyny hem öňki şikesi – bud myşsasynyň şikesi sebäpli goýberipdi. Häzirki möwsümde ol ähli ýaryşlarda 16 duşuşyk geçirip, 3 gol geçirdi. "Transfermarkt" portalynyň maglumatyna görä, onuň bazar bahasy 6 million ýewro diýlip görkezilýär. Emre Janyň klub bilen şertnamasy möwsümiň ahyrynda tamamlanýar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


