UCL. 1/8 finalyň jübütleri we pleý-off torunyň tertibi belli boldy
27-nji fewralda Şweýsariýanyň Nýon şäherinde UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň bije çekişligi geçirildi. Dabara Aşgabat wagty bilen sagat 16:00-da başlandy. Bije çekişligiň dowamynda diňe 1/8 finalyň garşydaşlary däl, eýsem ýaryşyň finalyna çenli ähli pleý-off torunyň ýerleşişi hem kesgitlenildi.
1/8 final jübütleri:
«Nýukasl Ýunaýted» – «Barselona»
«Pari Sen-Žermen» – «Çelsi»
«Real Madrid» – «Manchester Siti»
«Bude-Glimt» – «Sporting»
«Baýer» – «Arsenal»
«Atalanta» – «Bawariýa»
«Galatasaraý» – «Liwerpul»
«Atletiko Madrid» – «Tottenhem»
Ilkinji duşuşyklar 10–11-nji martda jübütlerde ilkinji görkezilen toparlaryň meýdançasynda geçiriler. Jogap oýunlary bolsa 17–18-nji martda bolar.
Indiki tapgyrlaryň seneleri:
1/8 final: 10/11 mart we 17/18 mart 2026
1/4 final: 7/8 aprel we 14/15 aprel 2026
1/2 final: 28/29 aprel we 5/6 maý 2026
Final: 30 maý 2026 ýyl, Wengriýanyň paýtagty Budapeşt şäherinde geçiriler.
Bije çekişligiň tertibi:
Toparlar umumy tapgyryň jemleýji sanawyndaky orunlaryna laýyklykda dört "setirlenen" jübüte bölündi (1–2, 3–4, 5–6, 7–8). Her jübütdäki toparlar öňünden kesgitlenen pleý-off ýeňijileri bilen duşuşdy.
Bije çekişlik üçin dört küýze taýýarlanyldy. Her küýzä degişli orunlary eýelän iki topar ýerleşdirildi. Ilki 7-nji we 8-nji orunlary eýelän toparlaryň arasynda bije çekildi we olaryň biri toruň kümüş tarapyna, beýlekisi gök tarapyna ýerleşdirildi. Şeýle tertip beýleki jübütler boýunça dowam etdi.
Çärýek final, ýarym final we final üçin aýratyn garşydaşlar däl-de, eýsem öý-meýdan tertibi kesgitlenildi. Şeýlelikde, ähli toparlar pleý-off torunda finala çenli öňünden belli bolan ýol boýunça hereket eder. Ýarym finalyň kümüş tarapyndaky jübütiň ýeňijisi final duşuşygynda şertli taýdan meýdan eýesi hökmünde çykyş eder.
Şeýlelikde, Çempionlar ligasynda iň güýçli 16 toparyň arasynda ýiti göreş başlanýar we janköýerleri gyzykly duşuşyklar garaşýar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


