UCL. 1/16 finaldan soň sensasiýalar we garaşylýan garşylaşyklar
17–19-njy hem-de 24–26-njy fewral aralygynda geçirilen UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/16 final duşuşyklary tamamlandy. Bu tapgyr indiki – 1/8 finala çykjak toparlary doly kesgitledi. Şeýle hem birnäçe güýçli we ady belli klublar ýaryş bilen hoşlaşdy.
Garaşylmadyk netijeleriň hatarynda Dortmundyň «Borussiýasy» bilen Milanyň «Interiniň» ýaryşdan çykmagy bar. «Borussiýa» Italiýanyň «Atalanta» toparyndan utuldy, «Inter» bolsa Norwegiýanyň «Bude-Glimt» toparyna ýol berdi.
1/16 finalyň ähli netijeleri (ilkinji oýun / jogap oýny):
Stambulyň «Galatasaraýy» – Turiniň «Ýuwentusy» – 5:2, 2:3
«Monako» – Parižiň «Pari Sen-Žermeni» – 2:3, 2:2
Dortmundyň «Borussiýasy» – «Atalanta» – 2:0, 1:4
Lissabonyň «Benfikasy» – Madridiň «Realy» – 0:1, 2:1
«Karabah» – «Nýukasl Ýunaýted» – 1:6, 3:2
«Olimpiakos» – «Baýer Lewerkuzen» – 0:2, 0:0
«Brýugge» – Madridiň «Atletikosy» – 3:3, 4:1

Indi 1/8 finalyň bije çekişligi 27-nji fewralda sagat 16:00-da UEFA-nyň ştab-jaýynda geçiriler. Şol gün diňe garşydaşlar däl, eýsem ýaryşyň soňuna çenli ähli torlaýyn ýol hem belli bolar. 1/8 finalyň oýunlary 10–11-nji hem-de 17–18-nji martda geçiriler.

Häzirki ýagdaýda mümkin bolan 1/8 final jübütleri şeýle:
«Arsenal» / «Bawariýa» – «Baýer Lewerkuzen» / «Atalanta»
«Liwerpul» / «Tottenhem» – «Galatasaraý» / «Atletiko»
«Çelsi» / «Barselona» – «Nýukasl Ýunaýted» / «Pari Sen-Žermen»
«Sporting» / «Mançester Siti» – «Real» / «Bude-Glimt»
Soňky topar aýratyn gyzyk döredýär. Sebäbi bije şeýle düşse, «Mançester Siti» bilen Madridiň «Realy» ýene duşuşyp biler. Geçen möwsümde hem bu iki topar 1/16 finalda oýnap, umumy hasapda 6:3 netijesi bilen madridliler ýeňiş gazanypdy.
Şeýlelikde, 1/16 final tapgyry tamamlandy we Çempionlar ligasy täze gyzykly duşuşyklara tarap dowam edýär.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


