"Bude-Glimt" sensasiýany nädip döretdi? Goranyş tertibi we özboluşly filosofiýa
Norwegiýanyň «Bude-Glimt» topary Milan şäherinde Italiýanyň «Inter» toparyna garşy ýene bir sensasion oýun görkezdi. Myhmanlar zonalaýyn goranyşyň nusgalyk sapagyny geçip, ýokary derejeli tertip hem-de taktik sazlaşyk bilen tapawutlandy.
Duşuşykda ähli futbolçylar topuň ýerleşişine görä bilelikde süýşüp, bir pursat hem oýundan çykmady. Aýratyn-da Ýens Hauge ägirt uly iş ýerine ýetirdi — ol bir wagtda garşydaşyň sag merkez goragçysyny, ganat goragçysyny hem-de sag ýarymgoragçysyny gözegçilikde saklady. «Inter» muňa güýçli garşy basyş bilen jogap bermäge synanyşdy we topy ýitiren badyna dessine yzyna gaýtarmaga çalyşdy. Şeýle-de bolsa, ilkinji ýarymda howply pursatlar az boldy: «Bude-Glimt» meýdan eýelerine erkin oýnamaga mümkinçilik bermedi, «Inter» bolsa myhmanlaryň goranyşyny böwsüp bilmedi.
Haugeniň geçiren goly diňe Manuel Akanjiniň ýalňyşlygy däldi. Bu ýagdaý myhmanlaryň ýokary basyşynyň netijesi boldy. Norwegiýaly futbolçy şweýsariýaly goragçyny ýalňyşmaga mejbur etdi we soňra ýeňiş goluna asist berdi. Şeýle-de Ýosteýn Gundersen goranyşda örän ynamly çykyş etdi — ol Françesko Espozitony oýundan çykdy diýen ýaly etdi hem-de jerime meýdançasyna iberilen birnäçe howply paslary kesmegi başardy.
Ikinji ýarymda «Inter» garşydaşyna uýgunlaşmaga synanyşdy. Meýdan eýeleri myhmanlary bir ganata çekip, garşy ganata diagonal paslar arkaly giňişlik döretmäge çalyşdy. Federiko Dimarko meýdançada bolan wagty bu usul belli derejede netije berdi. Emma onuň çalşyrylmagyndan soň italýan topary hüjümde täsirini ýitirdi. 3-4-3 düzümine geçmek hem ýagdaýy üýtgetmedi — bu bolsa «Bude-Glimt» üçin garşy hüjümlere çykmagy has ýeňilleşdirdi. Şeýle garşy hüjümleriň birinde duşuşygyň ykbalyny çözen gol geçirildi.

«Bude-Glimtiň» üstünliginiň düýp sebäbi diňe taktika däl, eýsem olaryň özboluşly filosofiýasydyr. Klub "ýeňiş" diýen pafosly sözi ulanmakdan saklanýar. Olar onuň ýerine "meýilnamany ýerine ýetirmek , "ösüş" ýa-da "artykmaçlyk etmek" ýaly düşünjeleri ulanýarlar. Bu çemeleşme toparyň netijä däl-de, prosese gönükdirilendigini görkezýär.
Toparyň baş tälimçisi Kýetil Knutsen esasy ünsi hasaba däl-de, oýnuň hiline gönükdirýär. Onuň pikirine görä, topar meýdançada artykmaçlyk etmegi başarsa, oňyn netije tebigy ýagdaýda gelýär. Klubda "ösüş" ýörelgesi möhüm orun eýeleýär — futbolçylaryň başarnyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek we toparlaýyn oýny ösdürmek esasy maksat bolup durýar.
Şeýle hem, klubda özboluşly medeniýet döredilipdir: ýalňyşlyklar betbagtçylyk hökmünde däl-de, öwrenmegiň bir bölegi hökmünde kabul edilýär. Bu bolsa futbolçylara hatda «Inter» ýaly güýçli garşydaşlara garşy hem asudalyk bilen çykyş etmäge mümkinçilik berýär.
Şeýle çemeleşme «Bude-Glimti» Ýewropada sada, tertipli we üstünliklere garamazdan hemişe ösüşe ymtylýan topar hökmünde görkezýär.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


