UCL. 24-nji fewralda 1/16 tapgyryň ilkinji jogap duşuşyklary geçiriler
2025/2026 möwsüminiň Çempionlar ligasynda 24 fewral güni 1/16 finalyň ilkinji jogap duşuşyklary geçiriler. Ähli duşuşyklaryň başlanýan wagty Aşgabat wagty boýunça görkezilýär.
24-nji fewral:
22:45 — «Atletiko» — «Brýugge»
24–25-nji fewrala geçilýän gije:
01:00 — «Baýer» — «Olimpiakos»
01:00 — «Inter» — «Bude-Glimt»
01:00 — «Nýukasl» — «Karabah»
Ilkinji duşuşyklarda aşakdaky netijeler hasaba alyndy:
«Atletiko» bilen «Brýuggeniň» arasynda geçirilen ilkinji oýun 3:3 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Şeýlelikde, Madriddäki jogap duşuşygynda çärýek finala çykjak topar şol ýerde kesgitlener.
«Baýer» ilkinji oýunda «Olimpiakosy» 2:0 hasabynda ýeňdi we jogap duşuşygynyň öňüsyrasynda amatly artykmaçlyga eýe boldy.
Norwegiýanyň «Bude-Glimt» topary ilkinji duşuşykda «Interi» 3:1 hasabynda ýeňmegi başardy. Şeýle netijeden soň, Milan şäherindäki jogap oýny italýan kluby üçin möhüm synag bolar.
«Nýukasl» bolsa ilkinji duşuşykda «Karabahy» 6:1 hasabynda ýeňip, garşydaşyndan uly artykmaçlyk gazandy.

Ýaryşyň 1/8 final tapgyrynda bu toparlara garaşýan toparlar eýýäm belli. Olar: «Arsenal», «Bawariýa», «Liwerpul», «Tottenhem», «Barselona», «Çelsi», «Sporting» we «Mançester Siti».

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


