La Liga. Žoze Mourinýo iň netijeli tälimçi
Madrid şäheriniň «Real Madrid» kluby bilen işlän döwründe Žoze Mourinýo Ispaniýanyň La Ligasynda ortaça görkeziji boýunça iň ýokary utuk gazanan daşary ýurtly tälimçi boldy. Bu barada "Transfermarkt" portaly habar berýär.
Portugaliýaly hünärmen «Real Madrid» bilen geçiren duşuşyklarynda her oýunda ortaça 2,43 utuk toplady. Bu görkeziji La Ligada azyndan 40 duşuşykda işlän tälimçileriň arasynda iň ýokary netije hasaplanýar.

Ikinji orunda häzirki wagtda «Barselona» klubyň baş tälimçisi Hans-Diter Flik ýerleşýär. Ol her oýunda ortaça 2,35 utuk gazanýar. Üçünji basgançakda bolsa «Real Madrid» bilen işlän beýleki bir tälimçi Karlo Ançelotti bar, onuň görkezijisi 2,29 utuga deň.
Şeýle hem, «Real Madrid» bilen Çempionlar ligasynda uly üstünlikler gazanan Zinedin Zidan La Ligada dördünji orny eýeleýär. «Atletiko Madrida» köp ýyllap ýolbaşçylyk eden tälimçi Diego Simeone bolsa sanawda diňe ýedinji basgançakda ýerleşýär.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


