APL. "Arsenal" Demirgazyk London derbisinde "Tottenhemi" ýeňdi

Angliýanyň Premýer-ligasynyň 27-nji tapgyrynda «Arsenal» kluby «Tottenhem» bilen duşuşyp, ynamly ýeňiş gazandy. Demirgazyk London derbisi 4:1 hasabynda tamamlandy.Bu ýeňişden soň «Arsenal» ýaryş tertibinde birinji orny has-da berkidip, 61 utuk toplady. Şeýlelikde, «Arsenal» iň ýakyn yzarlaýjylaryndan aratapawudy artdyrdy.

Ikinji basgançakda 56 utuk bilen «Mançester Siti» ýerleşýär. Olar «Arsenaldan» bäş utuk yzda galýar, ýöne olaryň ätiýaçdaky bir duşuşygy bar.

Üçünji orny bolsa 51 utuk bilen «Aston Willa» eýeleýär. Unai Emeriniň tälim berýän kluby öňdäki üçlügi jemleýär.

Indiki tapgyrda «Arsenal» ýene bir derbi duşuşygyny geçirer — bu gezek «Çelsa» garşy. «Mançester Siti» bolsa «Lids» bilen duşuşar.