APL. "Çelsi" täze baş hemaýatkäri bilen şertnama baglaşdy
Londonyň «Çelsi» kluby senagat emeli aň ugurlarynda işleýän "IFS" tehnologiýa kompaniýasy bilen uzak möhletli hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy. Ylalaşyk 2028-nji ýyla çenli niýetlenendir. Şeýle-de kompaniýa 2025/2026 möwsüminiň ahyryna çenli klubyň baş hemaýatkäri derejesini saklar.

Ýakyn dynç günlerinden başlap, "IFS" kompaniýasynyň nyşany toparyň erkekler hem-de zenanlar düzümleriniň Angliýanyň çempionatyndaky duşuşyklarynda köýnekçeleriň öň ýüzünde ýerleşdiriler. Şeýlelikde, london kluby 2025/2026 möwsüminde köýnekçesiniň öň böleginde baş hemaýatkäri bolmadyk Premýer-liganyň ýeke-täk wekili bolmak ýagdaýyndan çykdy.
"IFS" kompaniýasynyň prezidenti Jeýson Gannon hyzmatdaşlygyň strategik ähmiýete eýedigini belledi. Onuň sözlerine görä, bu ylalaşyk öňdebaryjy emeli aň çözgütlerini sport hem-de täjirçilik işlerine ornaşdyrmak arkaly taraplaryň öňdebaryjy orunlaryny berkitmäge mümkinçilik berer.
Ýatladyp geçsek, «Çelsiniň» öňki baş hemaýatkäri bolan "Three" telekommunikasiýa kompaniýasy bilen şertnama 2023-nji ýylda, klubyň öňki eýesi Roman Abramowiça garşy girizilen sanksiýalar sebäpli ýatyrylypdy. Şondan soň toparyň köýnekçelerinde wagtlaýynça "Infinite Athlete" we "Damac" kompaniýalarynyň nyşanlary ýerleşdirildi.
"BBC Sport" neşiriniň maglumatlaryna görä, klubyň ýolbaşçylary täze uzak möhletli baş hemaýatkäri bilen baglaşylan şertnama boýunça möwsümde takmynan 65 million funt sterling (takmynan 74 million ýewro) girdeji gazanmagy meýilleşdirýär.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


