UCL. UEFA "Karabahy" jerimeledi

Çempionlar ligasynyň esasy tapgyrynyň ýedinji duşuşygynda «Aýntraht» klubyny 3:2 hasabynda ýeňmek bilen pleý-off tapgyryna çykmagy başaran «Karabah» indi UEFA-nyň düzgün-nyzam komitetiniň karary bilen ýüzbe-ýüz boldy.

UEFA Agdam şäheriniň klubyny 17,5 müň ýewro möçberinde jerimeledi. Resmi maglumatda bu çäre "sport çäresine laýyk gelmeýän habaryň ýaýradylmagy" hem-de "futbolyň, aýratyn-da UEFA-nyň abraýyna zeper ýetirilmegi" bilen baglanyşdyrylýar. Muňa näme sebäp bolandygy barada anyk maglumat berilmedi.

Şeýle hem kluba bilet gözegçilik düzgünleriniň bozulmagy bilen baglylykda duýduryş berildi.

Ýatladyp geçsek, «Karabahyň» ýewrokuboklardaky üstünlikli ýoly 1/16 final tapgyrynyň ilkinji duşuşygyndan soň kyn ýagdaýa düşdi. Topar şol oýunda «Nýukasldan» 1:6 hasabynda utuldy we indiki tapgyra çykmak mümkinçiligi ep-esli azaldy.