La Liga. Gawi toparlaýyn türgenleşiklere gaýdyp geldi
«Barselona» klubynyň ýarymgoragçysy Gawi agyr şikes sebäpli uzak wagtlap oýundan daşda galanyndan soň toparlaýyn türgenleşiklere gaýdyp geldi. Bu barada "Mundo Deportivo" neşiri habar berýär.

20-nji fewralda ispan futbolçysy topar ýoldaşlary bilen bilelikde türgenleşik geçirdi, emma onuň taýýarlygy belli bir çäklendirmeler bilen alnyp baryldy. Klubyň lukmanlar we tälimçiler düzümi oýunçynyň doly dikeldilmegine aýratyn üns berýär. Gawi ýakyn wagtda düzümde peýda bolmaga taýýarlyk görýär.

21 ýaşly futbolçy awgust aýynyň ahyryndan bäri agyr şikes sebäpli meýdançadan daşda galýardy. Häzirki möwsümde ol iki duşuşyga gatnaşyp, bir asist bilen tapawutlanmagy başardy.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


