Ligue 1. Tälimçi çalşyklary – "Renn" we "Marsel"
Fransiýanyň çempionatynda çykyş edýän «Renn» klubynda täze baş tälimçi bellenildi. Topara fransuz hünärmeni Frank Haýze ýolbaşçy boldy. 54 ýaşly tälimçi bilen baglaşylan şertnama 2027-nji ýylyň ortalaryna çenli niýetlenendir.

Mundan öň klub Habib Beýeni wezipesinden boşadypdy. Şeýle-de bolsa tälimçi wezipesinden gidenden soň ýaşlar toparynyň tälimçisiniň ýolbaşçylygynda «Renn» garaşylmadyk ýagdaýda «PSŽ» klubyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başardy.
Frank Haýze mundan öň Fransiýada «Lans» hem-de «Nissa» klublarynda işläpdi. Häzirki wagtda «Renn» çempionatda 6-njy orunda ýerleşýär. Toparyň indiki duşuşygy 22-nji fewralda myhmançylykda «Oser» bilen bolar.
Şeýle-de başga bir tälimçi üýtgeşigi «Marsel» klubynda boldy. Toparyň täze baş tälimçisi hökmünde Habib Beýe bellenildi. 48 ýaşly hünärmen ozal hut şu aýyň başynda «Renn» klubyndan gidipdi.

Habib Beýe futbolçy döwründe 2003–2007 ýyllar aralygynda «Marselde» çykyş edipdi. Ol wezipesinden giden Roberto de Zerbiniň ornuny tutdy.
Häzirki wagtda «Marsel» 22 tapgyrdan soň 40 utuk bilen çempionatda 4-nji orny eýeleýär. Klub indiki duşuşygyny 20-nji fewralda myhmançylykda «Bresta» garşy geçirer.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


