UCL. 1/6 finalyň ilkinji duşuşyklary tamamlandy
UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/16 final tapgyrynda galan birnäçe duşuşyk hem tamamlandy. Aşakda şol oýunlaryň gysgaça jemleri:
«Karabah» – «Nýukasl Ýunaýted» 1:6
Duşuşygyň esasy gahrymany Entoni Gordon boldy — ol dört gol geçirdi. Şeýle hem Jeýkob Mörfi bir gol bilen tapawutlandy. «Karabahyň» ýeke-täk goluny Elwin Jafarguliýew geçirdi.
Duşuşygyň iň gowy oýunçysy: Entoni Gordon («Nýukasl»).
«Brýugge» – «Atletiko Madrid» 3:3
Çekeleşikli geçen oýunda Hulian Alwares we Ademola Lukman madridliler tarapyndan gol geçirdi. Belgiýalylar tarapyndan Rafael Onýedika hem-de Hristos Dzolis tapawutlandy, ýene bir gol awtogol hökmünde hasaba alyndy.
Duşuşygyň iň gowy oýunçysy: Hans Wanaken («Brýugge»).
«Bude-Glimt» – «Inter» 3:1
Norwegiýa kluby garaşylmadyk ýeňiş gazandy. Gollary Kaspers Heg we Ýens-Petter Hauge geçirdi. «Interiň» ýeke-täk goluny Pio Espozito öz adyna ýazdyrdy.
Duşuşygyň iň gowy oýunçysy Kasper Heg («Bude-Glimt»).
«Olimpiakos» – «Baýer» 0:2
Nemes kluby myhmançylykda ynamly ýeňiş gazandy. Iki goly hem Patrik Şik geçirdi.
Duşuşygyň iň gowy oýunçysy: Patrik Şik («Baýer»).

Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda «Galatasaraý» – «Ýuwentusy» 5:2 ýeňdi, «Real» myhmançylykda «Benfikadan» 1:0 üstün çykdy, «Borussiýa Dortmund» – «Atalantany» 2:0 hasabynda ýeňdi, «PSŽ» bolsa «Monakony» 3:2 ýeňdi.
Iň köp gol geçirenleriň sanawynda «Real Madridiň» hüjümçisi Kilian Mbappe 13 gol bilen öňdeligi saklaýar. Ikinji orunda 10 gol bilen Entoni Gordon ýerleşýär. Üçünji orny 8 gol bilen «Bawariýanyň» hüjümçisi Harri Keýn eýeleýär. Şeýle hem 7 golly Erling Holand («Mançester Siti») we 6 golly Gabriel Martinelli («Arsenal») bilen Wiktor Osimhen («Galatasaraý») sanawyň öňünde barýar.

Jogap duşuşyklary 24–26-njy fewralda geçiriler, 27-nji fewralda bolsa UEFA-nyň ştab-kwartirasynda 1/8 finalyň bije çekişigi bolar.
Jogap duşuşyklarynyň tertibi (Aşgabat wagty):
24-25-nji fewral
«Atletiko Madrid» – «Brýugge» (22:45)
«Baýer» – «Olimpiakos» (01:00)
«Inter» – «Bude-Glimt» (01:00)
«Nýukasl Ýunaýted» – «Karabah» (01:00)
25-26-njy fewral
«Atalanta» – «Borussiýa Dortmund» (22:45)
«Ýuwentus» – «Galatasaraý» (01:00)
«Pari Sen-Žermen» – «Monako» (01:00)
«Real Madrid» – «Benfika» (01:00)

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


