Serie A. "Ýuwentus" – "Inter" duşuşygyndan soň uly jedel we jezalar

Italiýanyň Serie A-synyň 25-nji tapgyrynda geçirilen «Ýuwentus» – «Inter» duşuşygy (2:3) diňe meýdançadaky göreş bilen däl, eýsem eminlik dawasy bilen hem ýatda galdy.

Duşuşygyň 42-nji minutynda goragçy Pýer Kalulu garşydaşyň meýdançasynda Alessandro Bastoni bilen göreşende baş emin Federiko La Penna tarapyndan ikinji sary kartyny alyp, meýdançadan çykaryldy. Gaýtalanýan wideolarda düzgün bozma bolmadyk ýaly göründi, emma göni gyzyl kart ýagdaýy bolmansoň "VAR" ulgamy gatyşyp bilmedi. Şeýle hem, Bastoniniň özi ýalandan ýykylmasy üçin ikinji sary kartyny alyp biljek epizod hökmünde hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu karar «Ýuwentusyň» tälimçiler düzümi bilen eminleriň arasynda güýçli nägilelik döretdi. Arakesmede taraplaryň arasynda dartgynly ýagdaý emele gelip, gapma-garşylyk tasdan açyk dawa öwrülipdi.

Duşuşykdan soň Italiýanyň ligasy klubyň wekillerine garşy jeza çärelerini yglan etdi. Klubyň ýolbaşçylarynyň wekilleri — Jorjo Kellini we Damýen Komolli — eminler toparyna garşy agressiw hereketleri we olaryň kararlaryny jedelleşendigi üçin jogapkärçilige çekildi.

Kellini 27-nji fewrala çenli, Komolli bolsa 31-nji marta çenli tribunada bolup bilmezlik çetleşdirmesi berildi hem-de 15 müň ýewro jerime salyndy.

Kellini duşuşykdan soň şeýle diýdi: "Şu günki wakalardan soň futbol hakda gürrüň etmek mümkin däl. Biz düýbünden ýol berilmesiz ýagdaýyň şaýady bolduk — onuň bize ýa başga bir kluba degişlidigi möhüm däl. "VAR: ulgamy täzeden gözden geçirilmeli, sebäbi şeýle derejeli oýunlarda beýle ýalňyşlyklar gaýtalanmaly däl.
Möwsümiň başyndan bäri eminligiň derejesiniň talaplara laýyk gelmeýändigini aýdýarys we bu gün ýene tassyklandy. Şeýle meseleler bilen köp klub ýüzbe-ýüz boldy. Üýtgeşmeler zerur, olary yza goýmak bolmaz – italýan futboly göz ýummaly däl" – diýip, Kellininiň sözlerini "Football Italia" getirýär.

Bu duşuşykdan soň «Ýuwentus» indiki tapgyrda 21-nji fewralda öz meýdançasynda «Komo» bilen oýnar, «Inter» bolsa şol gün myhmançylykda «Leççe» bilen duşuşar.