"Nebitçi" Serdar Orazalyýewi düzümine goşdy

Täze möwsümiň öňüsyrasynda «Nebitçi» düzümine täze futbolçy goşandygyny habar berdi. 26 ýaşly derwezeban Serdar Orazalyýew paýtagtymyzyň «Aşgabat» klubyndan Balkanabadyň toparynyň düzümine goşuldy.

Şeýle hem, topar täze möwsüme taýýarlyk döwründe birnäçe üýtgeşmeleri amala aşyrdy. Resmi maglumatlara görä, «Nebitçi» – «Ahaldan» hüjümçi Elman Tagaýew, goragçy Alibek Abdurahmanow, ýarymgoragçy Gurban Annaýew hem-de hüjümçi Begenç Mämiýew bilen şertnama baglaşdy. Mundan başga-da goragçy Maksat Çagbalyýew kluba gaýdyp geldi.

Topardan giden goragçy Myrat Aşyrow täze möwsümde «Merwiň» düzüminde çykyş eder.

Ýatladýarys, 2025-nji ýylda Ýokary liganyň möwsüminde Balkanabadyň «Nebitçisi» 33 utuk toplap, ýaryşyň sanawynda bäşinji orny eýeläpdi.