Futbol sanlarda: Milner rekordy deňledi, "Barselona" kyn ýagdaýa düşdi
«Nottingem Forest» Angliýanyň Premýer-ligasynyň taryhynda bir möwsümde 4 dürli tälimçi bilen işlän ilkinji klub boldy.
Jeýms Milner bolsa Premýer-ligada 653-nji duşuşygyny geçirip, rekordyň eýesi Garet Barriniň görkezijisine deňleşdi.
«Rekshem» 1997-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Angliýanyň kubogynyň 1/8 finalyna çykmagy başardy.
«Barselona» ilkinji ýarymda 4 gol goýberdi — bu ýagdaý soňky gezek 2020-nji ýylda «Bawariýa» (şol wagt talimçi Hansi Flik) garşy duşuşykda bolupdy. Şeýle hem, katalonlar nemes tälimçisiniň döwründe diňe dördünji gezek gol geçirip bilmedi.
Serue A-nyň taryhynda ilkinji gezek «Inter» Derbi Italiýada ýeňiş goluny 90+ minutda geçirdi.
«Bawariýa» 2020-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Germaniýanyň kubogynyň ýarym finalyna çykdy.
Ýulian Rýuerson bir duşuşykda 4 asist edip, 2004/05 möwsüminden bäri Bundesligada şeýle netijäni gazanan diňe dördünji futbolçy boldy.
Aleksandr Golowin Liga 1-de 2021-nji ýyldan bäri ilkinji gezek bir duşuşykda 2 asist etdi we häzirki möwsümde 4 asist bilen «Monakonyň» iň gowy asistenti bolup durýar.
«Lans» 22 tapgyrdan soň ýaryşyň başynda ýerleşýär — soňky 10 möwsümde möwsümiň tamamlanmagyna 12 tapgyr galanda öňde barýan klub çempion bolmagy başarypdy.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


