AFC CL2. "Arkadag" Saud Arabystana bardy we türgenleşiklere girişdi

Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» AFK-nyň Çempionlar ligasy–2 ýaryşynyň 1/8 final tapgyryndaky jogap duşuşygyyň öňüsyrasynda Saud Arabystana bardy we Er-Riýad şäherinde türgenleşiklere girişdi. Topar Al‑Nasr bilen boljak oýna taýýarlanýar.

Duşuşyk "Al‑Awwal Stadium" stadionynda 18-nji fewralda geçirilip, Aşgabat wagty bilen sagat 23:15-de başlanar. Garşydaş hem ähli ýyldyz futbolçylary bilen bu duşuşyga taýýarlyk türgenleşiklerini geçirýär.

Ilkinji duşuşyk Aşgabat şäherindäki "Olimpiýa" stadionynda bolup geçipdi. Şol duşuşykda «Arkadag» öz meýdançasynda garşydaşyndan 0:1 hasabynda ýeňlipdi.