Ýaponiýada deňliksiz täze ýaryş döredildi
Ýaponiýanyň professional J-ligasynyň ýolbaşçylary ýurduň futbolynyň ýüz ýyllygy mynasybetli geçirilýän ýörite ýaryşda deňlik netijeleriniň doly ýatyrylýandygyny resmi taýdan habar berdi. Bu barada liga tarapyndan ýaýradylan metbugat beýanyna salgylanyp "Italpress" agentligi maglumat berdi.
Täze düzgünlere görä, esasy wagtda ýeňiji kesgitlenmedik ýagdaýynda goşmaça wagtlar bolmaz. Toparlar derrew penaltiler tapgyryna geçer. Penalti tapgyrynda ýeňen topar iki utuk, ýeňlen topar bolsa bir utuk alar. Esasy wagtda gazanylan ýeňiş üçin öňküsi ýaly üç utuk, ýeňlişe bolsa utuk berilmez.
Täze ulgam "Ýüz ýyllyk ösüş ligasy" atly ýörite ýaryşyň çäginde girizildi. Bu ýaryş 7-nji fewralda başlady we möwsümiň "ýaz-güýz" (fewral-dekabr) tertibinden Ýewropa görnüşindäki (awgust-maý) senenamasyna geçilmegi sebäpli ýüze çykan aralygy doldurmak bilen bir wagtda ýurduň ýokary ligasynyň ýüz ýyllygyna bagyşlanýar.
J1 ligasynyň 20 kluby geografik esasda "Gündogar" we "Günbatar" toparlaryna bölündi. Fewraldan maýa çenli gatnaşyjylar 18 duşuşyk geçirer, maýyň ahyryndan iýun aýynyň ahyryna çenli bolsa pleý-off tapgyry bolar. Ýaryşyň ýeňijisi Aziýanyň iň abraýly klublar bäsleşigi bolan AFK Çempionlar ligasynda ýurduň adyndan çykyş etmek hukugyny alar.

Şol bir wagtda ýapon futbolçylarynyň daşary ýurtlardaky sany hem üns çekýär. Häzirki wagtda milli ýygyndynyň giňeldilen düzümindäki futbolçylaryň 35-si Ýewropada çykyş edýär. Iň köp ýapon futbolçysy Germaniýada (9) we Angliýada (8) oýnaýar. Şeýle hem, olaryň arasynda Gollandiýa, Portugaliýa, Şotlandiýa, Çehiýa we Täze Zelandiýa çempionatlarynda çykyş edýänler bar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


