XXI asyrda iň köp gol+asist sanawyna täze dalaşgärler
XXI asyrda iň köp gol we asist (G+A) görkezijisi boýunça öňdebaryjy futbolçylaryň sanawyna täze atlar ýakynlaşýar. Häzirki wagtda Kilian Mbappe we Mohammed Salah iň gowy onlugyň içinde ýerleşýän Harri Keýni kowalaýar.

Sanawyň ýokary bölegine has ýakyn futbolçylaryň arasynda Halk bilen Duşan Tadiç hem bar. Braziliýaly hüjümçi ýakynda «Atletiko Mineýro» klubynda het-trik etdi. Şeýle-de bolsa, ýaşynyň uludygy sebäpli Halk, Tadiç hem-de Anhel Di Mariýanyň iň gowy onluga girmegi kyn hasaplanýar.
Geljekde bu sanawa goşulmagy has mümkin futbolçylaryň hatarynda Erling Holand bilen Lamin Ýamal görkezilýär. Holand häzirki wagta çenli 403 duşuşykda 399 gol+asist toplady, Ýamal bolsa bary-ýogy üç ýyllyk professional karýerasynda eýýäm 105 netijeli hereket etdi.
Gyzykly ýagdaýlaryň biri — ilkinji 15-ligiň aşagynda Romelu Lukaku bilen Dris Mertens ýerleşýär. Olaryň ikisi hem 490 gol+asist görkezijisine ýetdi, ýöne Lukaku muny 759 oýunda, Mertens bolsa 784 duşuşykda gazandy.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


