Transfer. "Feýenoord" Rahim Sterlingi düzümine goşdy
Rotterdam şäheriniň «Feýenoord» kluby Rahim Sterlingiň düzümine goşulandygyny resmi taýdan yglan etdi. Ganat hüjümçi «Çelsi» bilen şertnamasy ýatyrylansoň erkin agent hökmünde topara geçdi. Futbolçy bilen möwsümiň ahyryna çenli şertnama baglaşyldy.

Sterling 2022-nji ýyldan bäri «Çelsiniň» oýunçysydy, geçen möwsümde bolsa Londonyň «Arsenalynda» kärendesine çykyş etdi. Ondan öň 2015–2022-nji ýyllar aralygynda «Mançester Siti» klubynyň düzüminde oýnady. Professional futbol ýoluna bolsa öz şäheriniň «Liwerpul» klubynda başlady. Häzirki wagtda futbolçy 31 ýaşynda. Onuň täze kluby Gollandiýanyň çempionatynda ikinji orny eýeleýär.
Futbolçy klubyň metbugat gullugyna şeýle diýdi: "Erkin agent statusy sebäpli uzak wagtdan bäri ilkinji gezek karýeramdaky indiki ädimi howlukman we oýlanyşykly saýlamaga mümkinçilik aldym. Men bu wagty peýdalanyp birnäçe klub we olaryň baş tälimçileri bilen gürleşdim, olaryň meniň üçin nähili rol göz öňünde tutýandygyny bilmek hem-de täze klubda hakykatdan hem peýda getirip biljekdigime ynanmak isledim".
Häzirki wagtda futbolçynyň esasy düzümde ilkinji oýnuny haçan geçirjekdigi onuň Gollandiýada iş rugsadyny haçan aljakdygyna bagly bolar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


