AFC CL2. Şu gün "Arkadag" – "Al-Nasr" duşuşygy geçiriler

AFK-nyň Çempionlar ligasy–2-niň 1/8 final tapgyryndaky ilkinji duşuşyk şu gün Aşgabat şäherinde geçiriler. Ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» Saud Arabystanyň «Al-Nasr» toparyny "Olimpiýa" stadionynda kabul eder. Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 18:45-de başlanar. Stadion 45 müňden gowrak tomaşaça niýetlenendir.

Duşuşyk "Türkmenistan Sport" teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda görkeziler. Şeýle-de oýun dünýäniň 168 ýurdunda görkezilip, 39 media ulgam tarapyndan alnyp berler. Göni ýaýlym 14 kamera arkaly üpjün edilip, 220-den gowrak hünärmen işlär. Signal "Türkmen Älemi" we "Eutelsat" hemralary arkaly ýaýradylar, teswirleme türkmen we iňlis dillerinde alnyp barylar. Oýna AFK-nyň "YouTube" sahypasynda hem tomaşa etmek mümkin.

Myhman topar sişenbe güni agşam Aşgabat şäherine gelip ýetdi we dabaraly ýagdaýda garşylandy. «Al-Nasryň» baş tälimçisi Žorže Žezus garşydaşyň ýaş klub bolsa-da eýýäm üstünlik gazanandygyny, tiz hem akylly futbol görkezýändigini aýtdy we oýna taýýarlygyň geçirilendigini belledi.

Žezus žurnalistleriň soraglaryna jogap berip, Kriştianu Ronaldunyň bu duşuşyga gatnaşmajakdygyny aýtdy. Şeýle-de Žoau Feliks, Sadio Mane, Kingsli Koman, Marselo Brozowiç, Inigo Martinez we Gabriel Anželo hem Aşgabatdaky oýna gelmedi. Munuň sebäbi toparyň dykyz tertibi we öňdäki duşuşyklara güýç tygşytlamak bilen düşündirildi. Derwezeçi Bento Mateus bolsa meýdança diňe ýeňiş üçin çykjakdyklaryny aýtdy.

«Arkadagyň» baş tälimçisi Mergen Orazow bu oýny güýçleri barlamak üçin uly mümkinçilik hökmünde häsiýetlendirdi we taýýarlygyň ýokary derejede alnyp barylandygyny aýtdy. Goragçy Guýçmyrat Annagulyýew hem janköýerleri begendirmek üçin gowy netije görkezmäge taýýardyklaryny belledi.

Duşuşykdan öň geçirilen guramaçylyk ýygnagynda oýun lybaslary kesgitlenildi: «Arkadag» ak-gök, «Al-Nasr» sary lybasda çykyş eder. Baş emin — bahreýnli Ammar Ibrahim Hasan Mahfud. Şeýle-de duşuşykda "VAR" ulgamy ulanylar.

Jogap duşuşygy 18-nji fewralda Saud Arabystanyň Er-Riýad şäherinde geçiriler.