La Liga. "Barselonada" saýlawlaryň öňüsyrasy üýtgeşmeler
«Barselonanyň» prezidenti Žoan Laporta we direktorlar geňeşiniň birnäçe agzasy täze möhlete dalaşgär hökmünde gatnaşmak üçin wezipesinden çekildi. Klubyň resmi saýtynyň habar bermegine görä, bu çözgüt duşenbe güni geçirilen direktorlar geňeşiniň nobatdaky ýygnagynda tassyklanyldy we 15-nji martda geçiriljek saýlawlaryň başlanýandygy resmi taýdan yglan edildi.

Häzirki geňeşiň käbir beýleki agzalary hem saýlaw prosesine gatnaşmak maksady bilen wezipesini terk etdi. Şondan soň direktorlar geňeşi täze düzümi bilen möhleti tamamlanýança öz işini dowam etdirer.
Saýlawlara çenli klubyň ýolbaşçylygy wagtlaýynça Rafael Ýuste (prezident wezipesini ýerine ýetiriji), Hosep Kubells (wise-prezident we sekretar), Alfons Kastro (gaznaçy) hem-de geňeş agzalary Hosep Ignasi Masia, Anhel Riudalbas, Žoan Sole we Sisko Pužol tarapyndan amala aşyrylar.
Şeýle-de Laporta "Kamp Nou" stadionynyň täzeleniş işleriniň depgini baradaky nägileligini hem bildirdi. Onuň sözlerine görä, demirgazyk tribunanyň gurluşygy 2026-njy ýylyň başynda tamamlanmalydy, emma heniz rugsatnama alynmady. Ol ähli işleriň 2026-njy ýylyň ahyryna çenli gutarmagyna, üçegiň bolsa 2027-nji ýylda goşulmagyna garaşýandygyny aýtdy.
Ýatladyp geçsek, Laportanyň wezipesinden çekilmegi täze möhlete dalaşgär görkezmegiň hökmany düzgünine laýyklykda amala aşyryldy. «Barselonanyň» täze prezidentiniň saýlawy 2026-njy ýylyň 15-nji martynda geçiriler.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


