APL. "Mançester Ýunaýtediň" janköýeri 15 aý bäri saçyny aldyrmady
«Mançester Ýunaýtediň» janköýeri Frenk Aýlett 2024-nji ýylyň oktýabrynda gyzykly synag başlatdy — topary yzly-yzyna 5 ýeňiş gazanýança saçyny aldyrmajakdygyny aýtdy. Şondan bäri 15 aý geçse-de, ol heniz hem dellekhana baryp bilmedi.
Sebäbi şu döwürde «Mançester Ýunaýted» henize çenli 5 oýundan yzygiderli ýeňiş gazanyp bilmedi. Şol sebäpli janköýer hem öz sözünde durup, saçyny aldyrman gelýär.
Gyzykly tarapy, eger Aýlett «Bawariýanyň» ýa-da «PSŽ»-niň janköýeri bolan bolsa, ol eýýäm bu döwürde azyndan 6 gezek saçyny aldyrardy. «Ýuwentus» we «Tottenhem» janköýerliginde bolsa ýagdaý üýtgemezdi — olaryň hem şu aralykda 5 oýunlyk ýeňiş seriýasy ýok.
Eger-de ol Ispaniýanyň öňdebaryjy klublarynyň birini goldan bolsa, janköýer azyndan 4 gezek dellekhana baryp görerdi.

«Mançester Ýunaýtediň» – «West Hem» bilen nobatdaky duşuşygy Aşgabat wagty bilen şu gün gije sagat 01:15-de başlar. Bu oýun olaryň bäşinji yzly-yzyna ýeňşi bolup biler.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


