AFC CL2. "Arkadag" – "Al-Nasr" duşuşygynda geýiljek köýnekçeler belli boldy

10-njy fewralda AFK-nyň Çempionlar ligasy–2 bäsleşiginiň 1/8 finalynda duşuşýan «Arkadag» – «Al-Nasr» toparlarynyň oýnunyň öňüsyrasynda däp bolan resmi ýygnak geçirildi.

"Ýyldyz" myhmanhanasynyň konferens zalynda geçirilen ýygnaga Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň, futbol klublarynyň, guramaçylyk komitetiniň hem-de degişli jogapkär bölümleriň wekilleri gatnaşdy. Onda guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we toparlaryň meýdança haýsy reňkli köýnekçede çykjakdygy kesgitlenildi.

Kabul edilen karara laýyklykda, ýer eýesi hökmünde Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» duşuşyga ak köýnekçede çykar. Saud Arabystanyň «Al-Nasr» kluby bolsa sary köýnekçede oýnar. Duşuşyga Bahreýnden Ammar Ibrahim Hasan Mahfudyň ýolbaşçylygyndaky eminler topary eminlik eder. Şeýle hem, duşuşykda "VAR" ulgamy ulanylar.

«Arkadag» – «Al-Nasr» toparlarynyň arasyndaky 1/8 finalyň ilkinji duşuşygy 11-nji fewralda Aşgabat şäherindäki "Olimpiýa" stadionynda geçiriler we Aşgabat wagty bilen sagat 18:45-de başlanar. Jogap duşuşygy bolsa 18-nji fewralda Saud Arabystanyň Er-Riýad şäherinde oýnalar.