Futbol sanlarda: Palmer rekord goýdy, Lewandowski taryha girdi
Angliýanyň Premýer-ligasynda Brunu Fernandeş «Mançester Ýunaýtediň» düzüminde 314 duşuşykda gol + asist boýunça 200 görkezijä ýetdi. Bu sepgide ondan tiz ýeten ýeke-täk futbolçy Weýn Runi bolup, ol muny 295 duşuşykda ýerine ýetiripdi.
Şeýle-de Tomas Frank Premýer-ligada azyndan 10 duşuşyk geçiren uly alty klublarynyň tälimçileriniň arasynda ýeňiş göterimi (28%) we bir oýna düşýän utuk (1,16) boýunça iň pes görkezijä eýe boldy.
Koul Palmer bolsa Premýer-liganyň taryhynda ilkinji bolup ilkinji ýarymlarda 3 het-trik eden futbolçy hökmünde hasaba alyndy, üstesine-de «Çelsiniň» taryhynda bu ýaryşda iň köp het-trik (4) geçiren oýunça öwrüldi.
Ispaniýada Robert Lewandowski şu möwsümde 10-njy goluny geçirip, Leo Messi we Kriştianu Ronaldudan soň ilkinji bäş ligalarda 15 möwsüm yzly-yzyna azyndan 10 gol geçiren üçünji futbolçy boldy.
Italiýada «Milan» Serie A-da 23 tapgyrdan soň taryhynda üçünji gezek 50-den köp utuk toplady. Öňki iki ýagdaýda hem milanlylar möwsümi çempionlyk bilen tamamlapdy.
Germaniýada Matias Ginter Bundesligada 400 duşuşyk sepgidine ýetdi. Häzirki wagtda çykyş edýän futbolçylaryň arasynda bu görkeziji boýunça diňe Manuel Noýer bilen Oliwer Baumanndan yza galýar.
Fransiýada «Lans» häzirki möwsümde duşuşyklaryň 79 göterimini ýeňiş bilen tamamlaýar. Bu görkeziji boýunça diňe «Bawariýa» (84%) we «Barselona» (81%) has ýokary netijä eýe.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


