"Nebitçi" möwsüme ýeňişler bilen taýýarlanýar
Balkanabadyň «Nebitçi» kluby 2026-njy ýylyň möwsümine taýýarlyk çäginde Aşgabat şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Ýygnanyşygyň dowamynda topar birnäçe gözegçilik duşuşyklaryny geçirdi.
5-nji fewralda «Merw» bilen geçirilen ilkinji dostluk duşuşygynda «Nebitçi» 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Gollary Hojamämmedow Seýitmämmet hem-de Şämiýew Dädiş geçirdi, iki goluň hem asistini Muhammet Annaýew berdi.
8-nji fewralda bolsa topar ýerli «Aşgabat» bilen duşuşyp, bu gezek 3:0 hasabynda üstün çykdy. Bu oýunda Ylýasow Wezirgeldi, Nurlyýew Baýram we Elman Tagaýew tapawutlandy. Iki duşuşyk barada maglumat klubyň resmi sosial sahypasynda paýlaşyldy.

Täze möwsümiň öňüsyrasynda «Nebitçi» düzüminde hem düýpli üýtgeşmeler amala aşyrdy. Resmi maglumatlara görä, topar «Ahaldan» hüjümçi Elman Tagaýew, goragçy Alibek Abdurahmanow, ýarymgoragçy Gurban Annaýew hem-de hüjümçi Begenç Mämiýew bilen şertnama baglaşdy. Şeýle-de goragçy Maksat Çagbalyýew kluba gaýdyp geldi.
Topardan giden oýunçylaryň biri — goragçy Myrat Aşyrow täze möwsümde «Merwiň» düzüminde çykyş eder.
Ýatladýarys, 2025-nji ýylda Ýokary liganyň möwsüminde Balkanabadyň «Nebitçisi» 33 utuk bilen ýaryş sanawynda bäşinji orny eýeläpdi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


