Transfer. Oksleýd-Çemberleýn Şotlandiýa ugrady
Angliýanyň milli ýygyndysynyň, «Arsenal» we «Liwerpul» klublarynyň öňki ýarymgoragçysy Aleks Oksleýd-Çemberleýn resmi ýagdaýda Şotlandiýanyň «Seltik» klubynyň futbolçysy boldy. Iňlis futbolçy Glazgo şäheriniň topary bilen şu möwsümiň ahyryna çenli şertnama baglaşdy.

Tejribeli ýarymgoragçy täze klubyna goşulmagy barada şeýle diýdi: baş tälimçi bilen gürrüňdeşlikden soň bu teklibiň özüne iň laýykdygyna düşünendigini we topara kömek edip biljekdigine ynanýandygyny aýtdy.
Oksleýd-Çemberleýn «Seltige» erkin agent hökmünde geçdi. Onuň soňky kluby Türkiýäniň «Beşiktaş» topary bolupdy. Ol bu klubdan 2025-nji ýylyň tomsunda aýryldy. Iňlis futbolçy türk klubynyň düzüminde 50 duşuşyga gatnaşyp, 5 gol geçirdi we 1 asist etdi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


