La Liga. Mbappeniň ejesiniň aýlygy toparyň oýunçylaryndan hem ýokary
«Real Madrid» klubynyň hüjümçisi Kilian Mbappeniň ejesi we menejeri Faýza Lamari ýylda salgytlardan soň 4,5 million ýewro alýar. Bu barada "A Bola" habar berýär.

Maglumatlara görä, bu aýlyk madridlileriň esasy düzümindäki birnäçe futbolçynyň gazanjyndan hem ýokary. Lamari «Real Madridda» Andreý Lunin, Fran Garsiýa, Raul Asensio, Arda Güler, Franko Mastantuono, Braim Dias, Gonsalo Garsiýa we Endrik ýaly oýunçylardan köp gazanýar.
Şeýle-de onuň gazanjy Mbappeniň aýlygynyň takmynan 30 göterimine deňdir. Fransuz hüjümçisi möwsümde 15 million ýewro töweregi hak alýar.
Bellenilişine görä, Lamari ilki oglynyň aýlygynyň 50 göterimini almak isläpdir. Emma futbolçy bu teklibi kabul etmän, özüne has amatly şertleri ylalaşmagy başarypdyr.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


