APL. Koul Palmer het-trik bilen taryha girdi
Angliýanyň Premýer-ligasynyň 25-nji tapgyrynda «Çelsi» myhmançylykda «Wulwerhempton» klubyny 3:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň ähli ünsi londonlylaryň ýarymgoragçysy Koul Palmeriň çykyşyna gönükdi.
23 ýaşly futbolçy bary-ýogy 25 minutda het-trik edip, oýnuň ykbalyny ilkinji ýarymda çözdi. Palmer ilki penaltiden tapawutlandy, az wagtdan soň ýene-de 11 metrlik urgyny dürs ýerine ýetirdi, üçünji goluny bolsa Kukurelýanyň asistinden soň oýundan geçirdi. Arakesmä çenli hasap 0:3 boldy.
Bu het-trik birnäçe rekord bilen ýatda galdy. Palmer «Çelsiniň» taryhynda Premýer-ligada dört het-trik eden ilkinji futbolçy boldy we Didýe Drogba, Frenk Lempard hem-de Jimmi Hasselbank ýaly hüjümçileri yzda galdyrdy. Şeýle-de ol Angliýanyň Premýer-ligasynyň taryhynda üç gezek ilkinji ýarymda het-trik eden ilkinji oýunçy hökmünde hasaba alyndy. Mundan başga-da, het-trikleriň sany boýunça Mohammed Salah bilen deňleşdi we Lempard, Drogba, Lukaku, Kriştianu Ronaldu, Teo Wolkott, Ole-Gunnar Sulşer hem-de Nikolýa Anelkadan öňe geçdi.

Oýundan soň Palmer toparyň ilkinji ýarymda örän ynamly çykyş edendigini belläp, esasy maksadyň ýeňiş gazanmak bolandygyny aýtdy.
Häzirki möwsümde ol ähli ýaryşlarda 17 duşuşykda 8 gol geçirip, 2 asist etdi. Bu ýeňişden soň «Çelsi» 43 utuk bilen bäşinji orunda galdy, «Wulwerhempton» bolsa 8 utuk bilen soňky basgançakda ýerleşýär.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


