RSL. "Al-Nasr" ýene-de Ronaldusyz ýeňiş gazandy
Saud Arabystanyň Pro-ligasynyň 21-nji tapgyrynda «Al-Nasr» öz meýdançasynda «Al-Ittihady» kabul etdi. Duşuşygyň öň ýanyndaky esasy sowal — Kriştianu Ronaldunyň oýna gatnaşyp-gatnaşmazlygydy, emma portugaliýaly hüjümçi hatda oýun üçin sanawa hem goşulmady.

Şoňa garamazdan, «Al-Nasr» ýeňiş gazanmagy başardy. Hasap diňe 85-nji minutda açyldy — Sadio Mane penalti urgusyndan gol geçirdi. Ondan soň meýdan eýeleri ýene bir gezek tapawutlanyp, oýny 2:0 hasabynda öz peýdasyna tamamlady.
Bu ýeňişden soň «Al-Nasr» çempionatyň öňdebaryjysy «Al-Hilaly» yzarlamagyny dowam etdirýär. Topar 20 tapgyrdan soň liderden bary-ýogy bir utuk yzda barýar.
Şol bir wagtda halkara metbugatda liganyň töwereginde media ýagdaýy hem gyzyşýar. "Speedline"-iň maglumatyna görä, "FOX Sports" Saud Arabystanyň Pro-ligasynyň oýunlaryny görkezmegi bes eden ilkinji uly halkara teleýaýlym boldy. Bu çözgüt Ronaldunyň ýagdaýy bilen bagly dörän giň waka bilen düşündirilýär.
Habarlara görä, media we täjirçilik kynçylyklary sebäpli liga takmynan 2,4 milliard amerikan dollary möçberinde girdejini ýitirip biler diýen howatyr bar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


