Gyşky transfer penjiresi: iň gymmat geçişler we ligalaryň çykdajylary

2025/26 möwsüminiň gyşky transfer penjiresi garaşylmadyk ýagdaýda işjeň geçdi. Iň köp çykdajy eden liga hökmünde adatça öňdeligi saklaýan Angliýanyň Premýer-ligasy ýene-de ilkinji orny eýeledi, emma bu gezek diňe uly klublar däl, eýsem orta derejeli klublar hem uly möçberde transferlere pul sarp etdi.

Gyşky penjirede iň gymmat transfer Antuan Semenýonyň «Bornmutdan» – «Mançester Sita» 72 million ýewro geçmegi boldy. Şeýle-de ilkinji onluga giren beýleki geçişler:

• Ýorgen Larson — «Wulwerhempton» → «Kristal Pelas» (49,7 mln ýewro)
• Lukas Paketa — «West Hem» → «Flamengo» (42 mln)
• Brennan Jonson — «Tottenhem» → «Kristal Pelas» (40 mln)
• Konor Gallaher — «Atletiko Madrid» → «Tottenhem» (40 mln)
• Ademola Lukman — «Atalanta» → «Atletiko Madrid» (35 mln)
• Oskar Bobb — «Mançester Siti» → «Fulhem» (31,2 mln)
• Koder Meýte — «Renn» → «Al-Hilal» (30 mln)
• Jorj Ilenikena — «Monako» → «Al-Ittihad» (30 mln)
• Walentin Kostelýanos — «Lazio» → «West Hem» (29 mln)

Transfer bazarynda iň geň galdyryjy ýagdaýlaryň biri — 55 million ýewro bahalandyrylýan goragçy Mark Gehiniň «Mançester Sita» bary-ýogy 23 million ýewro töweregi geçmegi boldy.

Ligalaryň umumy çykdajylaryna seredilende hem Premýer-liga öňdeligi saklady — 453 million ýewro. Ondan soň Italiýanyň Serie A-sy 244 million bilen ikinji, Braziliýanyň Serie A-sy bolsa 202 million ýewro bilen üçünji orny eýeledi. Şeýle-de Saud Arabystanyň Pro-ligasy 148 million, Amerikanyň MLS 144 million, Bundesliga 102 million, Liga 1 101 million, La Liga 76 million, Türkiýäniň Süperligasy 71 million we Portugaliýanyň Liga Primeýrasy 59 million ýewro çykdajy etdi.

Şeýlelikde, gyşky transfer penjiresi diňe Ýewropada däl, eýsem Günorta Amerika we Aziýa ligalarynyň hem işjeň gatnaşmagy bilen tapawutlandy.