RSL. Ronaldu "Al-Ittihad" bilen oýunda hem oýnamaz

Portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu Saud Arabystanyň çempionatynyň 20-nji tapgyrynda geçiriljek «Al-Nasr» – «Al-Ittihad» duşuşygyna gatnaşmaz. Meşhur žurnalist Fabrizio Romanonyň maglumatyna görä, futbolçy bu gezek hem oýny öz karary bilen goýberýär we ýagdaý şikes ýa-da fiziki taýýarlyk bilen bagly däl.

Habarlara görä, Ronaldu klubyň ýolbaşçylary we tälimçiler düzümi bilen däl-de, Saud Arabystanyň Döwlet maýa goýum gaznasynyň (PIF) birnäçe klublaryň býujetleri we transfer syýasaty boýunça alyp barýan strategiýasyndan nägile. Şol sebäpli ol duşuşyklarynyň birnäçesine meýdança çykmazlygy saýlap alýar.

Belläp geçsek, «Al-Nasr» öňki tapgyrda hem Ronaldusyz meýdança çykyp, «Al-Riýady» 1:0 hasabynda ýeňipdi. Bu duşuşykdan soň Ronaldu türgenleşiklere gaýdyp geldi, emma ýene-de duşuşygy sypdyrmak kararyna geldi.

5-nji fewralda 41 ýaşyny dolduran hüjümçi häzirki möwsümde ähli ýaryşlarda 22 oýna gatnaşyp, 18 gol we 3 asist etdi. Ol professional karýerasynda umumylykda 961 gol geçirdi.

Şeýle-de Saud kluby bu duşuşykdan soň halkara bäsleşigine taýýarlanar. «Al-Nasr» öňde AFK-nyň Çempionlar ligasy–2-niň 1/8 finalynda ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» bilen iki duşuşyk geçirer. Ilkinji oýun 11-nji fewralda Aşgabatdaky "Olimpiýa" stadionynda sagat 18:45-de başlanar, jogap duşuşyk bolsa 18-nji fewralda Saud Arabystanda bolar. Häzirki ýagdaýy nazara alanyňda, Ronaldunyň bu duşuşyklara gatnaşmagy hem kyn ýagdaýda galýar.