"Arsenal" – "Mançester Siti" Angliýanyň ligasynyň Kubogynyň finalynda duşuşar

Angliýanyň ligasynyň Kubogynyň ýarym finalynyň jogap duşuşyklary tamamlandy we finala çykan iki klub belli boldy.

Ilki bilen «Arsenal» öz meýdançasynda «Çelsini» kabul etdi. Londonlylar ilkinji oýunda gazanan 3:2 hasabynyň artykmaçlygyny saklamagy başardylar we duşuşykda 1:0 hasabynda ýeňiş gazandylar. Şeýlelikde umumy hasap 4:2 bolup, "topçylar" 22-nji martda "Wembli" stadionynda geçiriljek finala çykdy.

Ikinji ýarym finalda «Mançester Siti» – «Nýukasl» garşylygy has ynamly tamamlandy. Pep Gwardiolanyň topary ilkinji oýunda 2:0 hasabynda ýeňipdi, jogap duşuşygynda hem 3:1 hasabynda ýeňip garşydaşyna mümkinçilik bermedi. Iki oýun boýunça umumy hasap 5:1 bolup, "şäherliler" finala ýol aldy.

Şeýlelikde Angliýanyň ligasynyň Kubogynyň finalynda 22-nji martda Aşgabat wagty bilen sagat 21:30-da "Wembli" stadionynda "Arsenal" – "Mançester Siti" duşuşygy geçiriler. "Siti" soňky 5 ýylda bu kubogy gazanyp bilmedi, "Arsenal" bolsa kubogy 33 ýyldan bäri utup görenok.