Waleriý Nepomýaşiý 82 ýaşynda tälimçilige gaýdyp geldi
Türkmenistanyň futbolyna ýakyndan tanyş bolan tejribeli hünärmen Waleriý Nepomýaşiý tälimçilik karýerasyny täzeden dowam etdirdi. 2026-njy ýylyň 3-nji fewralynda 82 ýaşly hünärmen Moskwanyň Futbol akademiýasynyň ulgamyna girýän höwesjeň «FŞM» klubyna uly tälimçi wezipesine bellenildi. Bu barada akademiýanyň metbugat gullugy habar berdi.
Geçen ýylyň tomsunda geçirilen söhbetdeşlikleriň birinde Waleriý Nepomýaşiý tälimçilige dolanmagy meýilleşdirmeýändigini aýdypdy. Şeýle-de bolsa, futbol bilen arabaglanyşygyny doly üzmezden, öz tejribesini ýaş futbolçylara geçirmek kararyna geldi.
Waleriý Nepomýaşiýiň soňky tälimçilik işi 2018-nji ýylda Kaliningradyň «Baltika» klubynda boldy. Soňra ol klubda administratiw wezipesini ýerine ýetirdi. Häzirki wagtda «FŞM» bilen baglaşylan şertnamanyň möhleti mälim edilmeýär.
Tälimçilik ýolunda Waleriý Nepomýaşiý örän baý tejribe toplady. Ol Kamerunyň milli ýygyndysy bilen 1990-njy ýylda dünýä çempionatynyň çärýek finalyna çykdy. Şeýle-de Özbegistanyň milli ýygyndysy, Hytaýyň, Türkiýäniň, Günorta Koreýanyň we Ýaponiýanyň birnäçe klublary bilen işledi. Tomskiniň «Tom» klubyna iki gezek ýolbaşçylyk etdi. «Pahtakor» bilen Özbegistanyň çempionatynda hem-de kubogynda ýeňiş gazandy, «Şanhaý Şenhua» bilen Hytaý çempionatynyň kümüş medallaryna eýe boldy.
Üns çekiji maglumatlaryň biri hem Waleriý Nepomýaşiýiň futbolçylyk ýolunyň Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy bilen baglanyşykly bolmagydyr. Şeýle-de ol Samarkandyň «Spartak» klubynda we Aşgabat beden terbiýe institutynyň klubynda çykyş etdi. Saglyk ýagdaýy sebäpli 25 ýaşynda futbolçylyk karýerasyny tamamlamaga mejbur boldy.
2025-nji ýylyň 14-nji iýunynda Telegramdaky "Aziýa-Sport" kanaly bilen geçirilen söhbetdeşlikde Waleriý Nepomýaşiý soňky döwürde türkmen futbolynda bolup geçýän oňyn özgerişleri belläp geçdi. Onuň aýtmagyna görä, Futbol federasiýasynyň ýolbaşçylylarynyň hem-de milli ýygyndynyň baş tälimçisiniň çalşylmagy täze ösüş tapgyrynyň başlandygyny görkezýär.
Ol Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Aziýa kubogynyň saýlama tapgyrynda Taýlandy ýeňmegini uly üstünlik diýip atlandyrdy we milli toparyň esasy tapgyra çykmagyna ynanýandygyny aýtdy. Şeýle-de «Arkadag» klubynyň Çagyryş ligasynda gazanan ýeňşini aýratyn nygtap, bu netijäniň türkmen klublaryna halkara ýaryşlarynda üç topar bilen çykyş etmek mümkinçiligini berendigini belledi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


