Futbol sanlarda: Salah taryha girdi, Safonow öňe saýlandy

Angliýanyň Premýer ligasynda bu tapgyr birnäçe taryhy görkeziji bilen tapawutlandy. «Çelsi» 1992-nji ýyldan bäri ilkinji gezek arakesmede iki gol yza galyp, oýunda ýeňiş gazandy. Muhammed Salah bolsa APL-iň taryhynda bir kluba garşy 10 gol we 10 asist eden ilkinji futbolçy boldy — bu görkeziji «Nýukasla» garşy hasaba alyndy. Şeýle-de «Mançester Siti» 2018-nji ýyldan bäri ilkinji gezek arakesmede iki ýa-da ondan köp gol öňde bolup, oýunda ýeňiş gazanyp bilmedi.

Ispaniýanyň La Ligasynda Lamin Ýamal 2003/2004 möwsüminden bäri U-20 (20 ýaşdan kiçi) ýaş derejesindäki futbolçylaryň arasynda bir oýunda sekiz gol mümkinçiliklerini döreden ilkinji futbolçy boldy.

Italiýanyň Serie A çempionatynda Ýuwentusyň goragçysy Bremеr 2019/2020 möwsüminden bäri kelle bilen 15 gol geçirip, Ýewropanyň iň ýokary ligalarynda bu görkeziji boýunça iň netijeli goragçy bolup durýar.

Germaniýanyň Bundesligasynda bolsa «Bawariýa» bu tapgyra çenli soňky gezek «Gamburgy» 2014-nji ýylda utup bilmändi.

Fransiýanyň Liga 1 çempionatynda Matweý Safonow şu möwsümde ýerine ýetirilen ýedi penaltiniň bäşisini saklap, Ýewropanyň iň ýokary ligalarynda penalti gaýtarmak boýunça iň gowy derwezeban boldy. Şeýle-de «Lion» ähli ýaryşlary goşmak bilen yzly-yzyna 10 oýunda ýeňiş gazanyp, 2006-njy ýyldan bäri klubyň taryhyndaky iň gowy seriýasyny gaýtalady.