La Liga. Jud Bellingem irki minutda şikes aldy
La Liganyň 22-nji tapgyryndaky duşuşyk «Real Madrid» üçin diňe bir dartgynly oýun bolman, eýsem çynlakaý alada hem döretdi. Madrid kluby duşuşygyň bary-ýogy 9–10-njy minutlarynda esasy futbolçylarynyň biri — Jud Bellingemi ýitirdi.
Angliýaly ýarymgoragçy oýnuň dowamynda sag ganatdan tizlenenden soň aýagyndan şikes alyp, meýdançada galdy we oýny dowam etdirip bilmedi. Gözlerinde ýaş bilen meýdançadan çykmagy tälimçiler toparynda-da, janköýerlerde-de uly howatyrlanma döretdi. Bellingemiň ýerine Braim Dias meýdança girdi.
Ispan metbugatynyň maglumatlaryna görä, futbolça ýakyn sagatlarda doly lukmançylyk barlagy geçiriler. Deslapky maglumatlar onuň budunyň yzky bölegindäki myşsanyň şikeslenendigini görkezýär, emma şikesiň derejesi entek anyklanmady. Iň gowy ýagdaýda bu ýönekeý dartylma bolup, Bellingem 2–4 hepde meýdançadan daşarda galyp biler. Iň erbet ýagdaýda bolsa myşsanyň ýyrtylmagy bolup, bu ýagdaýda onuň azyndan iki aý oýna gatnaşmazlygy mümkin.
Tälimçi Alwaro Arbeloa oýundan soň Bellingemiň ýagdaýy barada heniz takyk maglumatlaryň ýokdugyny aýtdy.
Jud Bellingem şu möwsümde «Real Madridiň» düzüminde ähli ýaryşlarda 27 duşuşyk geçirip, 6 gol we 4 asist hasabyna ýazdyrdy. Mundan ozal hem ol möwsümiň başynda egin şikesi sebäpli birnäçe duşuşygy goýberipdi.

Esasy futbolçysyny ir ýitirenine garamazdan, «Real Madrid» duşuşykda jemlenip, «Raýo Walýekanony» 2:1 hasabynda ýeňmegi başardy. Häzirki wagtda madridliler La Liganyň ýaryş sanawynda ikinji orunda ýerleşip, «Barselonadan» diňe bir utuk yza galýar.
«Real Madrid» indiki duşuşygyny fewral aýynyň 8–9-ynda myhmançylykda «Walensiýa» klubyna garşy geçirer.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


