Ýokary liganyň klublarynyň wekilleri bilen iş maslahaty geçirildi
Paýtagtymyz Aşgabatdaky "Köpetdag" stadionynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň guramagynda iş maslahaty geçirildi. Maslahat geçen futbol möwsüminiň jemlerine bagyşlanyp, geljek möwsümde alnyp barylmaly işleriň ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirildi. Duşuşyga Ýokary ligada çykyş edýän futbol klublarynyň wekilleri gatnaşdy.
Ýygnanyşygyň dowamynda Futbol federasiýasynyň degişli hünärmenleri tarapyndan geçen möwsümde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri boýunça taýýarlanan giňişleýin hasabat diňlenildi hem-de alnyp barlan işlere jikme-jik seljerme berildi.
Şeýle-de täze möwsümde Ýokary liganyň we toparlaryň duşuşyklarynyň senenamasynyň doly hem-de talabalaýyk ýerine ýetirilmegi, dürli ugurlarda meýilleşdirilýän bäsleşikleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, klublardan gelip gowşan teklipleri we pikirleri giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak ýaly möhüm meseleler boýunça netijeli pikir alyşyldy.
Çeşme: TFF

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


