Nigeriýa Afrikanyň Milletler Kubogynda bürünç medaly gazandy
Afrikanyň Milletler Kubogynda 17-nji ýanwarda üçünji orun ugrunda geçirilen duşuşykda Nigeriýanyň milli ýygyndysy bilen Müsüriň milli ýygyndysy esasy wagtda ýeňijini kesgitläp bilmedi. Marokkonyň Kasablanka şäherinde geçen duşuşyk 0:0 hasabynda tamamlandy.
Bürünç medalyň ykbaly penaltiler tapgyrynda çözüldi. Bu ýerde nigeriýaly futbolçylar has takyk bolup, 4:2 hasabynda üstün çykdy. Şeýlelikde, Nigeriýa Afrikanyň Milletler Kubogynda 9-njy gezek bürünç medala eýe boldy we bu görkeziji boýunça ýaryşda öňdebaryjylygyny saklady.

Penaltiler tapgyrynda Müsür toparynyň hüjümçileri — Mohammed Salah bilen Omar Marmuş — öz urgularyny gol bilen tamamlap bilmedi.

Afrikanyň Milletler Kubogynyň finaly bolsa 18-nji ýanwardan 19-njy ýanwara geçilýän gije, Aşgabat wagty bilen 00:00-da geçiriler. Altyn medallar ugrunda Senegalyň milli ýygyndysy bilen Marokkonyň milli ýygyndysy duşuşar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


