RSL. "Al-Nasr" 2026-njy ýylda ilkinji ýeňşini gazandy
18-nji ýanwara geçilen gije Saud Arabystanyň çempionatynda «Al-Nasr» 2026-njy ýyldaky ilkinji ýeňşini gazandy. 15-nji tapgyrda topar öz meýdançasynda «Al-Şabab» klubyny 3:2 hasabynda ýeňdi.

Duşuşyk örän dartgynly ýagdaýda geçdi. «Al-Nasr» kyn giden oýunda oýnuň barşyny üýtgedip, möhüm üç utuk gazanmagy başardy. Bu ýeňiş soňky bäş oýundan soň gelen ilkinji üstünlik boldy.
Bu netijeden soň «Al-Nasr» çempionatyň sanawynda 34 utuk bilen ikinji orunda ýerleşýär we öňde barýan «Al-Hilal» klubyndan galan tapawudy dört utuga çenli azaltdy. «Al-Nasr» indiki duşuşygyny 21-nji ýanwarda myhmançylykda «Damak» klubyna garşy geçirer.
.jpg)
Ýeri gelende bellesek, «Al-Nasr» AFK-nyň Çempionlar ligasy–2-niň indiki tapgyrynda ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» kluby bilen iki duşuşykdan ybarat garşylaşyk geçirer. Ilkinji oýun 11-nji fewralda Aşgabat wagty bilen sagat 18:45-de Aşgabat şäherindäki "Olimpiýa" stadionynda bolar. Jogap duşuşygy bolsa 18-nji fewralda Saud Arabystanda geçiriler.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


