Transfer. "Mançester Siti" Mark Gehini düzümine goşýar

«Mançester Siti» kluby gyşky transfer möwsüminde gorag hataryny güýçlendirmegini dowam etdirýär. Meşhur žurnalist Fabrizio Romano özboluşly "Here we go!" belligi bilen Mark Gehiniň «Kristal Pelas» klubyndan «Mançester Sita» geçýändigini habar berdi.

25 ýaşly merkezi goragçy «Kristal Pelas» bilen şertnamasyny uzaltmak islemeýärdi. Şol sebäpli London kluby üçin bu gyşky transfer penjiresi futbolçydan girdeji gazanmak üçin iň soňky mümkinçilik boldy. Maglumatlara görä, transferiň esasy bahasy 20 million funt sterling töweregi bolup, bonuslar arkaly bu mukdar 30 million funt çenli artyp biler.

Käbir çeşmeler Gehiniň «Mançester Siti» bilen 5,5 ýyllyk şertnama baglaşjakdygyny, onuň hepdelik aýlygynyň bolsa 300 müň funt sterling boljakdygyny ýazýar. Beýleki maglumatlarda futbolçynyň ýyllyk girdejisiniň bonuslar bilen bilelikde 18 million ýewro çenli ýetip biljekdigi bellenilýär.

«Kristal Pelas» klubynyň baş tälimçisi Oliwer Glasner hem metbugat ýygnagynda Gehiniň başga kluba geçmeginiň soňky tapgyrdadygyny tassyklady. Goragçy milli ýygyndynyň futbolçysy bolup, Angliýanyň ýygyndysynda yzygiderli çykyş edýär.

Gyzykly ýagdaýlaryň biri hem – bu transferden «Çelsi» klubynyň hem girdeji gazanjakdygydyr. Londonlylar 2021-nji ýylda Gehini «Kristal Pelasa» satanda, indiki transferden 20 göterim paý almagy şertnamada belläpdi. Şeýlelikde, «Kristal Pelas» bu geçişden aljak girdejisiniň bir bölegini «Çelsi» bilen paýlaşmaly bolar.

Ýeri gelende bellesek, Gehi geçen tomus «Liwerpula» geçmäge örän ýakyn bolupdy, emma şol wagt «Kristal Pelas» klubynyň prezidenti Stiw Perişiň garşy çykmagy sebäpli bu transfer başa barmandy. Netijede, goragçy häzirki wagtda Pep Guardiolanyň ýolbaşçylygyndaky «Mançester Siti» bilen ylalaşyk gazandy.

Häzirki wagtda «Mançester Siti» Angliýanyň Premýer-ligasynda ikinji orunda barýar we ýakyn wagtda, 17-nji ýanwarda, «Mançester Ýunaýted» bilen möhüm duşuşyk geçirer. Bu duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 17:30-da başlanar.