Wahyt Orazsähedow "Turan-Towuzda" Gurban Berdiýewiň elinde oýnap biler

Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» futbol kluby hüjüm hataryny güýçlendirmegi meýilleşdirýär. "Azerisport.com" neşiriň maglumatlaryna görä, klub Türkmenistanyň «Altyn Asyr» klubynyň tejribeli hüjümçisi Wahyt Orazsähedow bilen şertnama baglaşmagy göz öňünde tutýar.

Häzirki wagtda 33 ýaşly türkmenistanly futbolçy «Turan-Towuz» toparynyň okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda bolup, türgenleşiklere gatnaşýar. Toparyň baş tälimçisi hem Türkmenistanly hünärmen Gurban Berdiýew bolup, hut onuň ýolbaşçylygynda Orazsähedow synagdan geçirilýär. Ýakyn günlerde hüjümçi bilen şertnama baglaşylyp-baglaşylmajakdygy belli bolar.

Belläp geçsek, Wahyt Orazsähedow ozal hem Azerbaýjan çempionatynda çykyş edip, «Sabail» klubynyň düzüminde oýnapdy. Şeýle-de, onuň karýerasynda Russiýanyň «Rostow», «Rubin», «Neftehimik», Gazagystanyň «Turan», Täjigistanyň «Istiklol» hem-de Gyrgyzystanyň «Dordoý» toparlary bar.

Mundan başga-da, Orazsähedow Türkiýäniň «Osmanlyspor», Moldowanyň «Daatsia» klublarynda, şeýle-de ýurdumyzyň «Köpetdag», «Aşgabat», «Ahal» we «Altyn Asyr» toparlarynda çykyş edip, tejribeli hüjümçi hökmünde tanalýar. Ol futbol ýoluny ýaşlar derejesinde «Nisa», «Köpetdag» hem-de Ukrainanyň «DÝuŞS-15» toparlarynda başlapdy.

Şeýlelikde, Türkmenistanly tälimçi Gurban Berdiýew bilen hüjümçi Wahyt Orazsähedowyň «Turan-Towuz» klubynda bilelikde işleşmegi mümkin. Transfer boýunça gutarnykly karar ýakyn wagtda kabul ediler.