Şu gün "Arkadag" – "Septemwri Sofiýa" duşuşygy geçiriler

Ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» kluby, şu gün — 16-njy ýanwarda Bolgariýanyň «Septemwri Sofiýa» kluby bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Bu barada duşuşyklary yzarlanýan programmalarda görkezilýär. Maglumatlara görä, oýun Aşgabat wagty bilen sagat 18:00-da başlar.

Bu duşuşyk «Arkadag» klubynyň häzirki wagtda Türkiýäniň Antalýa şäherinde dowam edýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde geçiriler diýlip garaşylýar. Ozal habar berlişi ýaly, klub 12-nji ýanwardan 2-nji fewral aralygynda taýýarlyk maksady bilen Türkiýä ugrady we häzir Antalýada türgenleşiklerini dowam etdirýär.

Garşydaş «Septemwri Sofiýa» kluby Bolgariýanyň Birinji ligasynda çykyş edýär. Möwsümiň 19 tapgyryndan soň olar 15 utuk toplap, 15-nji orunda ýerleşýär (çempionatda jemi 16 klub bar).

Şeýle-de, ýygnanyşygyň dowamynda «Arkadag» 31-nji ýanwarda Özbegistanyň çempiony «Neftçi» kluby bilen hem ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada garşydaş klub öz sosial ulgamlarynda habar berdi. Bu duşuşyk hem Antalýada geçiriler diýlip garaşylýar.

Belläp geçmek gerek, «Arkadag» klubynyň resmi metbugat gullugy häzirlikçe ýokarda agzalan ýoldaşlyk duşuşyklary boýunça resmi tassyklama bermedi.

Ýeri gelende bellesek, «Arkadag» kluby AFK-nyň Çempionlar ligasy–2-niň indiki tapgyrynda Saud Arabystanyň «Al-Nasr» kluby bilen iki duşuşykdan ybarat garşylaşyk geçirer. Ilkinji oýun 11-nji fewralda Aşgabat wagty bilen sagat 18:45-de Aşgabat şäherindäki "Olimpiýa" stadionynda bolar. Jogap duşuşygy bolsa 18-nji fewralda Saud Arabystanda geçiriler.