APL. Maýkl Karrik "Mançester Ýunaýtediň" baş tälimçisi boldy
«Mançester Ýunaýted» kluby iňlis hünärmeni Maýkl Karrigiň baş tälimçi wezipesine bellenendigini resmi taýdan mälim etdi. 44 ýaşly hünärmen bilen baglaşylan şertnama häzirki möwsümiň ahyryna çenli niýetlenendir.

Ýanwar aýynyň başynda klub Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesinden boşatdy. Ol «Mançester Ýunaýtedi» 2024-nji ýylyň 11-nji noýabryndan 2026-njy ýylyň 5-nji ýanwaryna çenli dolandyrdy. Amorimiň gidişinden soň topar wagtlaýyn tälimçi Darren Fletçeriň ýolbaşçylygynda çykyş edipdi.
Maýkl Karrik öň hem «Mançester Ýunaýtedde» işläpdi: ol 2018–2021-nji ýyllarda baş tälimçiniň kömekçisi boldy, 2021-nji ýylda bolsa topary wagtlaýyn baş tälimçi hökmünde dolandyrdy. Şeýle-de Karrik 2022–2025-nji ýyllarda «Middlsbro» klubynyň baş tälimçisi bolup işledi we 2025-nji ýylyň iýunyndan bäri işsizdi.

Karrik futbolçy hökmünde hem «Mançester Ýunaýtediň» rowaýaty hasaplanýar. Ol 2006–2018-nji ýyllarda klubyň düzüminde 464 oýna gatnaşyp, 5 gezek Angliýanyň çempiony boldy. Şeýle-de Çempionlar ligasyny, Ýewropa ligasyny we klublaryň dünýä çempionatyny gazandy.
Klub sosial torlarda Karrigiň gaýdyp gelendigini aýratyn nygtap, öňki kapitanyň möwsümiň ahyryna çenli topary dolandyrjakdygyny belledi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


