"Albasete", "Realy" Kubokdan çykardy
Ispaniýanyň Kubogynyň 1/8 final tapgyrynda uly waka boldy. Segundada 17-nji orunda barýan «Albasete» öz meýdançasynda «Realy» 3:2 hasabynda ýeňip, ýaryşdan çykardy.
Duşuşyk Albasetede geçirildi. Oýunda ýer eýeleriniň düzüminde Hefte Betankor iki gol geçirdi, ýene bir goly bolsa Hawi Wilýar öz adyna ýazdyrdy. «Realyň» tarapynda Franko Mastantuono bilen Gonzalo Garsiýa tapawutlandy.

Bu duşuşyk «Real Madrid» üçin täze baş tälimçi Alwaro Arbeloanyň ýolbaşçylygyndaky ilkinji oýun boldy. Şeýle-de bolsa, debýut ýeňiş bilen däl-de, garaşylmadyk ýeňliş bilen tamamlandy. "Opta"-nyň maglumatlaryna görä, soňky dokuz baş tälimçiniň diňe biri — Hulýen Lopetegi (2018) ilkinji oýnunda utulypdy. Arbeloa hem şol sanawa goşuldy.

Gyzykly statistikalar hem ünsi çekýär. «Albasete» Segundada soňky alty oýunda jemi üç gol geçiripdi, emma «Real» bilen oýunda ýeke duşuşykda üç gol geçirdi. Mundan başga-da, «Albaseteniň» umumy düzüm bahasy «Realyň» düzüminden takmynan 1170 esse az. Hatda «Realyň» goragçysy Fran Garsiýanyň bahasy hem «Albaseteniň» ähli futbolçylarynyň umumy bahasyndan ýokary.
Bu oýun Winisius Junior üçin hem aýratyn ähmiýetli boldy. Ol «Realyň» düzüminde 350-nji duşuşygyny geçirdi. Braziliýaly hüjümçi oýny doly tamamlamagyna garamazdan, toparyny ýeňlişden halas edip bilmedi. Häzirki wagta çenli Winisius «Realyň» düzüminde 350 oýunda 112 gol we 91 asist bilen tapawutlandy. Bu görkeziji bilen ol klubyň taryhynda iň köp oýnan braziliýaly futbolçylaryň arasynda üçünji orunda durýar.

Şeýlelikde, «Real» Kubokdan ir çykyp, soňky günlerde baş tälimçi çalşygyndan soň ýene bir agyr urgy aldy. «Albasete» bolsa Ispaniýanyň Kubogynda iň ýatda galyjy ýeňişleriniň birini gazandy.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


