Transfer. "Inter Maýami" Serhio Regilony düzümine goşdy
«Inter Maýami» kluby resmi saýty arkaly «Real Madridiň» öňki goragçysy Serhio Regilon bilen şertnama baglaşandygyny mälim etdi. 28 ýaşly çep goragçy bilen baglaşylan şertnama 2027-nji ýylyň ahyryna çenli hereket eder. Ylalaşykda ýene bir möwsüm uzaltmak hukugy hem göz öňünde tutulýar.

Serhio Regilon meýdançanyň çep ganat goragynda çykyş edýär. Ol «Inter Maýami» klubynda karýerasyny tamamlamak kararyna gelen Žordi Albanyň ornuny tutar.
Regilon geçişi barada pikirini hem paýlaşdy. Onuň aýtmagyna görä, klubyň uly maksatlary we ýeňişlere gönükdirilen taslamasy ony bu karara getirdi. Oýunçy täze klubynda hem ýeňiş gazanmagy, kuboklar ugrunda göreşmegi maksat edinýändigini belledi.
Ýatladyp geçsek, Lionel Messiniň hem çykyş edýän «Inter Maýami» kluby ýakynda MLS Kubogyny gazandy. Final duşuşygynda klub «Wankuweri» 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)
